Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Hoşniýetli daşary syýasatymyz dabaralanýar

  • 08.01.2023
  • Milli Liderimiziň energiýa serişdeleriniň ygtybarly üstaşyr geçirilmegi, Merkezi Aziýa we Hazar basseýni zolagynda ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek, düýpli ekologik meseleleri çözmek, Araly halas etmek we Hazar deňziniň täsin tebigy baýlyklaryny dikeltmek bardaky orta atan teklipleri dünýä ýurtlarynyň arasynda uly goldaw tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan döwletimiziň, türkmen halkynyň abraý-mertebesini uly yhlas bilen beýgeldýändigini geçen ýyllar açyk-aýdyň görkezdi. Çünki Türkmenistanyň  Owganystana demir ýoluny çekmek hem-de ony Owganystanyň çägi boýunça dowam etdirmek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz gaçirijisiniň gurluşygyna gönükdirilen tagallalary işjeňleşdirmek, sebit we dünýä ähmiýetli Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň  dabaraly ýagdaýda açylmagy, Bitarap Watanymyzyň Energetika Hartiýasynyň başlyklygyna saýlanmagy, Türkmenistanyň özüniň Owganystana berýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak hakynda eden çykyşlary ýaňy ýaly bolsa-da, olaryň eýýam ençemesi iş ýüzüne geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde barha pugtalanýan ornuny görkezýär. BMG-sy bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Biziň döwletimiz BMG-niň Baş Assembleýasynyň işine yzygiderli gatnaşýar. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assembleýasynyň  69-njy mejlisinde agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda we 47 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň durmuşyndaky täze döwri alamatlandyrdy. Dünýä bileleşigi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. 2017-nji ýylda BMG-nyň Baş Assembleýasy 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany kabul etdi. Bu bolsa biziň daşary syýasatymyzyň dünýäde uly goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.


    Halylmyrat ARAZDURDYÝEW
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  talyby 

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir