Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Türkmen sporty kämillik ýolunda

  • 07.03.2023
  • Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagynda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda, türkmen sporty kämillik ýoluna düşdi. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda häzirkizaman ösen talaplara laýyk gelýän täze sport mekdepleri, stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş, atçylyk sport toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär. Munuň özi ýurdumyzda ussat türgenleriň täze nesilleriniň kemala gelmegine mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň görelde bolmaklary bilen, sagdyn durmuş ýörelgesi durmuşymyza barha giň gerimde ornaşýar. Ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durup, döwletimize, il-güne wepaly adamlar, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur bolan şertler döredilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň giňden wagyz edilmegi sportuň dürli görnüşleri boýunça milli türgenlerimiziň ösüp ýetişmegine badalga bolýar. Ýurdumyzda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda, 2018-nji ýylda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda we beýlekilerde milli türgenlerimiz şowly çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny belent basgançaklara çykardylar. Ýurdumyzda ýyldan-ýyllara gazanylýan şular ýaly ynamly sport ýeňişleri Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýenede belent ruhda dowam eder diýip berk ynanýarys. Ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegi, olaryň sportda gazanýan üstünlikleri üçin giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, işleri rowaç bolsun.

    Nurmuhammet ATAÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir