Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sementiň alnyş taryhy

  • 28.05.2022
  • Şu günki gün gurluşyk pudagynda gazanylýan ýokary netijeleri sement materialy bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýöne ol gadymy eýýamlarda hem iň esasy gurluşyk materialy hökmünde peýdalanylypdyr. Diňe gadymyzýetde onuň alnyşy häzirki wagtdakydan belli bir derejede tapawutly bolupdyr.
    Gadymy Rimde sementden peýdalanyp ägirt uly gurluşyklary alyp barypdyrlar. Olar ýelmeşiji maddany ilkinji bolup oýlap tapypdyrlar. Elbetde, onuň esasy goşundysy bolan bolan heki (izwest) biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrlarda oýlap tapypdyrlar. Ýakylan heki Wezuwiýe patlawugynyň küli bilen garyp, rimliler hatda suwda hem ýuwulmaýan, eremeýän berk gurluşyk materialyny alypdyrlar. Şeýlelikde, ilkinji gidrawlik sement peýda bolupdyr. Munuň şeýledigini bilmek üçin şu günki döwürde Kolizeý we Rim Forumy binalaryna aýlanyp görmek ýeterlikdir.
    Beýik Hytaý diwary köp asyrlaryň dowamynda gurlup we bölekleýin tertipde gaýtadan gurlup durupdyr. Ýöne XIV — XVII asyrlarda dowam eden Minler nesilşalygy döwründe ýakylan hek bilen gaýnadylan bürünjiň (tüwiniň) goşulmagyndan emele gelen sement bilen berkidilensoň, ol hemişelik berklige eýe bolupdyr.


    Amanýaz OMAROW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby 
     


    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir