Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Tebigy gazy suw ýollary arkaly daşamak

  • 08.12.2022
  • Häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş, önümçilik we senagat maksatlary üçin tebigy gazy çykarmak bilen bir hatarda ony daşamak hem aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda turbageçirijiler arkaly eltmek bilen bir hatarda ýörite gury ýer we suw ulaglaryny peýdalanmaga hem aýratyn üns berilýär. Adamzat taryhynda tebigy gazy suw ýollary arkaly daşamak üçin oýlanyp tapylan tanker gämileriň arasynda Q-max görnüşli gämi iň kuwwatlylaryň biri hasap edilýär. «Q» ― Katar döwletini, «max» ― iň ýokary ölçegli diýmegi aňladýar. Katardan suwuklandyrylan gazy daşamak üçin bu äpet tanker gämileriň köp sanlysy gurlandyr. Tebigy gazyň ýangyç we önümçilik çig maly hökmünde dünýä derejesinde ähmiýeti barha artýar. Şol sebäpli häzirki wagtda dünýä möçberinde suwuklandyrylan gazy daşaýjy gämileriň sany hem barha artýar. Diňe 2021-nji ýylyň başyna çenli dünýä ýüzünde suwuklandyrylan gazy daşaýan tanker gämileriň sany 600-e barypdyr.


    Rahatgeldi AKMUHAMMEDOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir