Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Bagbançylygyň taryhyndan

  • 27.11.2022
  • Bagbançylyk ynsan durmuşyna örän ir döwürden, ekerançylygyň ýüze çykan eýýamlaryndan ymykly giripdir. Adamlar öz ýaşaýan zolaklarynyň abadançylygy, arassalygy, tämizligi üçin aladalanyp başlan döwürlerinden bäri tebigy tokaýlyklary gorap saklamak bilen birlikde emeli ýaşyl zolaklary emele getirmekde hem ösüp barýan aň-paýhas tejribelerini ulanyşa girizipdirler. Bagbançylyk öz gezeginde miweçiligi hem kemala getiripdir. Ilkibaşda adamlar dürli ýabany ösýän baglaryň miwelerini ýere ekip görüpdirler. Şol eýýamlarda miweli baglar hem, gyrymsy agaçlar hem esasan daglyk ýerlerde bitipdir. Ýöne ynsan eli bilen olaryň nahallary pesliklere, derýa ýakalaryna göçürilip getirilip başlanypdyr. Ilkinji nobatda ösdürilip başlanan miweli baglara banan, hurma we kokos palmalary, mango, zeýtun, injir, nar, üzüm ýaly agaçlar degişli bolupdyr. Olaryň ýörite bagbançylyk tertibinde ösdürilip başlanan döwürleri mundan 4 müň ýyldan 6 müň ýyla çenli ozalky eýýamlar diýlip hasap edilýär. Şondan bäri hem tä ýigriminji asyra çenli miweleriň we ir-iýmişleriň dürli görnüşleri miweçilik-bagbançylyk medeniýetine öwrülip gelýär. Alymlaryň pikirine görä, erik, garaly, mindal, grek hozy, nar, behi, injir, ülje (wişnýa), çereşnýa, alma, üzüm ýaly miweli baglar Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan ýaýrapdyr.


    Kakajan AMANOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby 

     

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir